logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«PITCH PERFECT PRESENTATION» ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda medeni-gumanitar ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary, biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenler taýýarlamak üçin uly işler amala aşyrylýar.

Ynha, şu gün hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde iňlis dili dersi boýunça «PITCH PERFECT PRESENTATION» atly şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik talyplaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak şeýle-de, iňlis dilinde pikirlenmek we çykyş etmek endiklerini ösdürmek, ýurdumyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmek syýasatynda öňe sürýän wajyp başlangyçlary barada talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjy talyplar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny wasp etmekde prezentasiýa taýýarlap, iňlis dilinde çykyş etdiler. Bäsleşikde çykyşyň many-mazmunyna laýyklykda sözleriň dogry aýdylyşyna, slaýdlary bezeýşine, gürrüňiniň yzygiderli beýan edilişi boýunça emin agzalary tarapyndan aýratyn bahalandyryldy.

Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik örän ähmiýetli we çekeleşikli boldy. Her bir talyp özüniň taýýarlan temasy boýunça prezentasiýalary bilen üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşige «Kirişli saz gurallary» bölüminiň II ýyl talyby Jemal Nuryýewa, «Estrada sungaty» hünäriniň I ýyl talyby Muhammetkerim Hojamämmedow, «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmuradowa, «Estrada sungaty» hünäriniň III ýyl talyby Gunça Şeraliýewa, «Fortepiano» hünäriniň II ýyl talyby Laçyn Ataýewa, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň III ýyl talyby Daýançmyrat Nurmedow, «Sazşynaslyk» hünäriniň II ýyl talyby Maral Akmämmedowa, «Estrada sungaty» hünäriniň I ýyl talyby Begenç Atabaýew, «Saz mugallymçylygy» hünäriniň III ýyl talyby Ogulnur Injikowa dagylar gatnaşdylar.

Bäsleşik emin agzalarynyň adalatly bahalandyrmagy esasynda jemlendi we ýeňijiler diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Aýläle Gulmuradowa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» hünäriniň II ýyl talyby