logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

POLŞA RESPPUBLIKASYNYŇ SURATKEŞI «TÜRKMENISTANDA BAHAR PASLY» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI GEÇIRILDI

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda 2025-nji ýylyň maý aýynyň 2-ne Watikanyň Türkmenistandaky Apostolik Nunsiýaturasynyň guramagynda Çeperçilik Sergiler Müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Apostolik Nunsiýaturasynyň myhmany, Polşa Resppublikasynyň suratkeşler Birleşiginiň agzasy Suratkeş Ioanna Galeckanyň “Türkmenistanda Bahar pasly” atly döredijilik sergisi geçirildi.

Ioanna Galecka grafik hökmünde giňden tanalýar. Suratkeş Polşa Respublikasynyň gadymy we gözel ýadygärlikleri bilen tanalýan Krakow şäherinde zähmet çekýär. Suratkeşiň Krakow şäherinde özüniň ussahanasy bolup, ol ajaýyp nakgaş we grafik eserlerini döredýär. Suratkeş dünýäniň dürli döwletlerinde bolup 30-dan gowrak özüniň şahsy sergilerini üstünlikli geçirendigini belleýär. Suratkeş ilkinji gezek Türkmenistana 2001 - nji ýylda gelýär. Suratkeşi türkmen tebigaty, milli gymmatlyklarymyz, türkmen zenanlarynyň gözelligi we türkmen däp-dessurlary aýratyn täsirlendirýär. Şol täsirlenmeleriň netijesinde Türkmenistanda myhman bolan döwründe türkmen dünýäsi bilen baglanşykly ajaýyp sungat eserleriniň 25-den gowragyny bu sergä hödürledi.

Sergide, suratkeş Joanna Galeckanyň “Türkmen zenanlary” 2025 ý., “Türkmen köli” 2025 ý., “Halylar” 2025 ý., “Deňiz” 2025 ý., “Owadan nagyşlar” 2025 ý., “Ýaz pasly” 2025 ý., “Tebigat ” 2025 ý., “Sähralar” 2025 ý., “Ene” 2025 ý. ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr.

Suratkeşiň döreden sungat eserleriniň ählisinde türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky ajaýyplygy içgin açylyp görkezilýär. Türkmeniň kalby deýin sada tebigat, gözel sähralar, ýagyşdan soňky jülgeleriň gözel görnüşi kagyz ýüzüne ýagly reňkler bilen ussatlyk bilen geçirlipdir. Ioanna Galecka bol hasyl ýygnalýan ekin meýdanlaryny, türkmen saçagynyň, desterhanynyň aýratynlyklaryny, bagyň saýasynda türkmen ýaşulylarynyň mesaýy gürrüňlerini, çopan goşunyň gözelliklerini çeper mazmun bilen baýlaşdyryp sungata siňdirýär.

Sungat elmydama kämillige tarap ýol salýar. Sungat özüniň gymmatyny wagt bilen kesgitleýär. Megerem şonuň üçin bolsa gerek üstünden asyrlar, heňňamlar geçen sungat eserleri hut ýakynda döredilen ýaly kalplara ýol salýar. Ioanna Galecka hem öz eserlerinde çeperçilik biliminiň ýokarlygyny we reňk çözgütleriniň aýratynlygy, çeperçilik usullaryny ulanmaklygyň ussatlygyny türkmen ýaşlaryna açyp görkezýär. Medeniýet halklary birleşdirýän köpri, hut şol nukdaýnazardan Polşanyň tanymal suratkeşi Ioanna Galeckanyň sergisi hem biziň halkymyz we ykbalyny sungat bilen baglan ýaşlarymyz uly täsirleri galdyrdy. Tejribeleri paýlaşmak, çeperçilik bilimiňi ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açyp berýän, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.