logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

PYRAGYNYŇ ARZUW EDIP ISLÄNI, PARAHATLYK GURŞAP ALSYN DÜNÝÄNI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen “Aşgabat” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuw edip isläni, parahatlyk gurşap alsyn dünýäni» ady bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýan, döredijilik mirasy bilen halkyny tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlanan beýik şahsyýet bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň eserlerinde parahatlygy, agzybirligi, mertligi-edermenligi ussatlyk bilen beýan edýän parasatly goşgulary bu gün ýaşlary batyrlyk, gaýduwsyzlyk ruhunda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.