logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PYRAGYNYŇ–PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

PYRAGYNYŇ–PARAHATÇYLYK TAGLYMATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Pyragynyň–parahatçylyk taglymaty» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitaby asyrlardan gözbaş alýan edebi akabanyň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy, ömri, döredijiligi, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy dogrusynda beýan edilýär. Şeýle-de bu nusgalyk kitapda akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwreniliş taryhy, dana şahyryň şygyrlaryndaky pähim-paýhaslaryň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky orny hem-de şanly sene mynasybetli geçirilen halkara çäreleriň taryhy ähmiýetini düşündirilýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.