Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebinde «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Maru şahu jahan welaýat gazediniň habarçysy Bahargül Mejidowa, Türkmenistan gazediniň Mary welaýaty boýunça habarçysy žurnalist şahyr Muhammetberdi Annageldiýew, Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa, Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Sülgünjemal Nuryýewa, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň bölüm müdiri Abdyrahmanowa Gülkamar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türkmen halky Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. «Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresinde kitap sergiler hem guraldy.
Goý, mukaddes Oraza aýynyň sogaply günleri bilen utgaşyp gelen bu ýylky Nowruz baýramyny tutuş ýurdumyzda, her öý-ojakda uly joşgun bilen bellemäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!