logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ROWAÇ EÝLÄR YNSANPERWER ÝOLLARY, BITARAPLYK HEM-DE PARAHATÇYLYK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Rowaç eýlär ynsanperwer ýollary, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk”atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda halkara derejesinde toýlanan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu uly toý baýramlara beslenen baýramçylygyň türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz her gezek BMG-nyň mejlislerinde umumadamzat bähbitli täze başlangyçlary öňe sürýär diýip bellemek bilen çykyş edenler döwletimiziň alyp barýan dost-doganlyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giňden dabaralanýandygyny bellediler. Çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.