logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

RÖWŞEN GELJEGE ROWAÇ GADAMLAR

Lebap welaýat kitaphanasynda, ajaýyp binada zähmet çekýän hünärmenleriň we “Türkmen gündogary” gazediniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Täze ýyl ýagşy arzuwlaryň baýramy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige KAA-nyň Saýat etrap birleşmesiniň wekili, “Türkmen gündogary” gazediniň redaksiýasynyň uly habarçysy we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hakykatdanam hem göwünleri galkyndyryjy, rowaçlyklaryň ýyly bolandygy, bu ýylda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli özgertmeleriň durmuşa geçirilendigi, welaýatymyzda medeni durmuş binalar açylyp ulanylmaga berilendigi, her bir ulgamda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada aýdylyp, Garaşsyz, Baky Bitarap Diýarymyza nur bolup geljek 2026-njy ýyl hem beýik ýeňişleriň, parahatçylygyň, ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýän ýyly bolmagyny, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdylyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.