logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

RUHY BAÝLYGYŇ GYMMATLY HAZYNALARY

RUHY BAÝLYGYŇ GYMMATLY HAZYNALARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ruhy baýlygyň gymmatly hazynalary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň taryhy maglumatlara daýanýan ruhy-medeni hazynasynyň dür-merjenidigi, nesilleriň ylham çeşmesi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze kitaby halkyň söýgüsini gazanyp, halkymyzyň milli, edebi mirasyna bolan buýsanjyny has-da artdyrýandygyny nygtadylar, bu bolsa hormatly Prezidentimiziň kitabynda akyldar şahyr türkmen milletiniň hem-de döwletiniň kemala gelmegine uly goşant goşandygy, Magtymguly Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir türkmen edebiýatynyň däl-de, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhyna-da müdimilik ýazylandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.