logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

RUHY GYMMATLYKLAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Ruhy gymmatlyklar” atly kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi bilen Parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşir bölüminiň okalga zalynda “Ruhy gymmatlyklar ”-atly kitap sergi gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.