logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

RUHY GYMMATLYKLARYMYZYŇ HAZYNASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ruhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan kitaphanalaryň şu günki döwrebap ösüşi, häzirki wagtda Döwlet derejesinde kitaphana ulgamynyň işine edilýän kömekler, şeýle hem Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň düýbüniň tutulandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Olar öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.