Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň karary esasynda tassyklanan Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy esasynda «Ruhy hazynaly dürdäneler» ady bilen wagyz-nesihat çäräsi geçirildi.
Çäräde çykyş edenler kitaphana işi jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, Döwlet meýilnamalary arkaly milli elektron kitaphanalar döredilýändigi we onuň hyzmatlary has-da giňeldilýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.