logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ruhy mirasymyzyň hazynasy

Taryh – bu diňe bir geçmişiň ýazgylary däl, eýsem halkyň ruhy baýlygy hem-de geljege galdyrylan mukaddes mirasdyr. Şol mirasy gözüň göreji deý saklap geljek nesillere ýetirýän Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň açylanyna bu ýyl 15 ýyl boldy. Gündogar Türkmenistanyň medeni we taryhy merkezleriniň birine öwrülen muzeýimiz 15 ýyl bäri ildeşlerimize we şäherimiziň myhmanlaryna ak ýürekden hyzmat edip gelýär. Her bir eksponatda taryhyň syrly sesi eşidilýän geçmiş bilen şu güniň arasynda berk köpri bolup duran medeniýet ojagymyz özüniň 15 ýyllyk ýubileýini belleýär. Gurluşyk taryhyna seretsek 1967-nji ýylda Muzeýiň ilkinji ýerleşen ýeri Hajy Mälik metjidi bolupdyr. Bu bina kerpiçden we daşdan gurlan özboluşly gümmezli we çasly diňjagazlary bolan dabaraly arhitektura ýadygärligidir. Muzeý Türkmenabat şäheriniň merkezinde gadymy binada ýerleşip iki gatdan hem-de üç bölümden ybarat bolupdyr. 1967-nji ýylda muzeý açylanda ilki diňe çeperçilik sergileri we medeni çäreler geçirilipdir. Soňra Lebabyň dürli künjeklerinden adamlaryň öz ata-babalaryndan galan gadymy gap-gaçlary, milli egin-eşikleri, köne kitaplary we arhiw resminamalary bu ýere getirmegi bilen muzeýiň gaznasy baýlaşypdyr. Şol döwürde taryhçy Albert Burhanowyň ýolbaşçylygynda Amyderýa boýundaky gadymy ýerlerde Amul galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan köp sanly arheologik tapyndylar hem hut şu binada jemlenipdir. Sowet döwründe bu taryhy metjit binasy ülkäni öwreniş muzeýi hökmünde hyzmat edip şäheriň gelim gidimli ýerleriniň biri bolupdyr. Köne binanyň otaglary uly bolmanlygy sebäpli ekspozisiýalar dykyz we özboluşly ýerleşdirilipdir, galalardan tapylan tapyndylar köne binanyň iň esasy zallarynyň biri bolan Arheologiýa zalynda ýerleşdirilipdir. Ol ýerde gazuw agtaryş işlerinde tapylan uly hum küýzeler syrçaly we galyň diwarly gadymy jamlar aýratyn aýna gaplarda goýlupdyr. Syýahatçylaryň hem-de bu ýere gelýänleriň iň köp ünsüni çeken zatlaryň biri hem Amuldan tapylan ýüzüne burma şahly sugun şekillendirilen toýun möhürler hem-de şol döwür ulanylan mis we kümüş şaýy pullaryň toplumy bolupdyr. Çärjew şäherinde düýbi tutulan bu medeniýet mekany gündogar Türkmenistanyň çägindäki ilkinji uly muzeý bolup, ol sebitleýin taryhyň we medeniýetiň baş mukaddesligine öwrüldi. Amyderýanyň altyn akymy diňe bir topraga bereket däl eýsem bu mekanda ýaşan ata-babalarymyzyň baý taryhyny we medeniýetini gürrüň berýär. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bolsa şol baý mirasy öz goýnunda mähir bilen saklaýan geçmişiň syrly sahypalaryny şu günki nesillere ýetirýän hakyky bilim we medeniýet ojagydyr. Taryhy gyzykly bolan bu köne bina Türkmenabat şäheriniň taryhy we binagärlik ýadygärligi hökmünde heniz hem öz gymmatyny ýitirmän saklaýar. 2010-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran kararyna laýyklykda 2011-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-e Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde dabaraly ýagdaýda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi açylyp ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan bu bina 3 gatdan, 5 sany bölümden ybarat bolup, muzeýde ,,Garaşsyzlyk”, ,,Arheologiýa”, ,,Etnografiýa”, ,,Şekillendiriş sungaty”, ,,Tebigat” zallary hereket edip, taryhy eksponatlar bilen birlikde fotosuratlar hem-de maglumatlar bilen ýakyndan tanyşyp bolýar. Häzirki wagtda milli gymmatlyklarymyzyň 23024 gowragy saklanyp muzeý gaznasy has-da baýlaşdyrylýar. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bolsa şol baý mirasy öz goýnunda mähir bilen saklaýan geçmişiň syrly sahypalaryny şu günki nesillere ýetirýän hakyky bilim we medeniýet ojagydyr. Muzeý diňe bir eksponatlaryň ýeri bolman, eýsem ylmy-öwreniş we terbiýeçilik merkezidir. Geçen ýyllaryň dowamynda muzeý gazanasy has-da baýlaşyp müňlerçe ekskursiýalar, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz bilen bilelikde dürli söhbetdeşlikler, gyzykly gezelençler şeýle-de muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklaryndan düzülen sergiler düzüldi.

Halypa muzeý işgärleriniň hem-de olaryň şägirtleri arman-ýadaman bagtyýar zamanamyzdan ruhlanyp yhlasly zähmet çekýärler. Biz hem öz gezegimizde Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurulup ulanylmaga berilmeginiň 15 ýyllyk şanly senesi bilen ähli muzeý işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap muzeýde işlemäge döredijilikli zähmet çekip, milli mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülälek Batyrowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň
uly ylmy işgäri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi