logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Rysgal berekediň mekany

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Bagtyýar Nesiller” 74-nji orta mekdebiniň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde “Rysgal berekediň mekany” ady bilen Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Gyzykly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen daýhanlarymyzyň her ýyl ak bugdaýdan, gowaçadan, bol hasyl alýandyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Topragymyzdan önýän dürli ir-iýmişler, bakja önümleri gök önümler bazarlarymyzy bereket çeşmesine öwürýär. Topraga hyzmat eden ondan diňe bereket tapýar diýip alyp baryjy söhbetdeşligini gyzykly dowam etdi. Soňra bolsa çagalaryň arasynda gyzykly täsirli sorag-jogap bilen dowam edildi. Şeýle hem “Bereketli saçagyň baýramy” atly çärämizde sergi gurnaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.