Eziz Watanymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýy giňden bellenilip geçilýär. Ene topragyň sahawatyny, daýhanlarymyzyň çeken halal zähmetiniň miwesini dabaralandyrýan Hasyl toýy, halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biridir.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl toýuna bagyşlanyp «Rysgal-bereketli topragym» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň “Gül dessesi”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ogulgurban Atabalowanyň “Natýumort”, “Pile saýlanyşy”, şeýle hem, ussat suratkeşlerimiz Çary Öwwäýewiň “Hasyl”, Hoşgeldi Şahberdiýewiň “Erik ýygymy”, Merdan Kakabaýewiň “Ak bugdaý”, Hezret Rejepowyň “Pagtaçylar” ýaly nakgaş, grafika we gobilen eserleri sergilendi. Şeýle hem, sergide nakgaş eserleri bilen birlikde Muhammet Ýüzbaşowyň “Hasyl baýramy”, Baýrammyrat Esengeldiýewiň “Zähmet ýeňşi”, Çaryýar Durdyýewiň “Hasyllylyk”, “Miweler” ýaly heýkel we keramika eserleri hem sergilendi. Baýramçylyk sergisinde sergilenen sungat eserleriniň her biri, Diýarymyzyň tebigatyny, asuda asmanyň, parahat zeminiň çeper keşbini beýan edip ene topragyň rysgal-berekedini açyp görkezýär.