logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

RYSGALLY TOPRAGYŇ–BEREKET MUKAMY

Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen bedew batly ösüşleri nazarlaýan eziz Diýarymyz ýene bir şanly baýramy uly zähmet sowgatlary bilen garşylady.«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» hasyl toýunyň dabaraly çäreleri gadymy Lebaby toý lybasyna besledi .Şu gün welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda şu medeniýet ojagynda hasyl toýy mynasybetli muzeý hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň, oba hojalykçy mehanizatorlaryň, edermen babadaýhanlaryň, hasyl ussatlarynyň gatnaşmagynda «Rysgally topragyň–bereket mukamy» ady bilen muzeý gymmatlyklaryndan düzülen serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Baý many–mazmunly çykyşlary özünde jemlän dabaraly sergi oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Diýseň köp tomaşaçylary özünde jemlän baýramçylyk sergisinde oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler


Gülälek Batyrowa

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy