logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«SADALYGYŇ ÇATRYGYNDAKY BEÝIKLIK» ATLY ÝATLAMA AGŞAMY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Sungat» bölüminiň guramagynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, sazly komediýa aktýory Akmyrat Arçikowyň doglan gününiň 65 ýyllygyna bagyşlanan «Sadalygyň çatrygyndaky beýiklik» atly ýatlama agşamy geçirildi.

Ýurdumyzda ömrüni medeniýete we sungata bagyşlan şahslaryň biri-de özüniň ajaýyp keşpleri bilen adamlaryň ýüreklerinde orun alan, tomaşaçylaryň kalbynda güýçli duýgular döreden Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Arçikowdyr. Aktýor, artist üçin teatr edil öz öýi ýalydyr. Ol teatrda ruhy taýdan ösýär, döredijilik ýolunyň basgançaklaryna galýar. Özüni açýar, barha öz käriniň ussadyna öwrülýär. Aktýorlyk işine öz kärine tüýs ýürekden çyn kalbyndan berlip işlemek bilen öz ýoluny tapýar. Kämilleşýär, ussat artiste öwrülýär. Bu günki ýatlama agşamynyň dowamynda hem Türkmenistanyň at gazanan artistleri Akmyrat Arçikow, Oguljan Bekiýewa, Sülgün Täşliýewa, Gülşat Meňliýewa, Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hanmämmedow şeýle-de Gülöwser Sopyýewa gatnaşyp, olaryň halypanyň döredijiligi bilen bagly gyzykly gürrüňleri we halypanyň ýerine ýetiren sahnalaryndan bölekler ýatlama agşamyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.