Golaýda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan Gökderede ýerleşýän «Altyn damja» dynç alyş merkezinde göçme sergi gurnaldy. Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, guşlaryň gäpleri, heýkeller, türkmen amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi. Sergidäki dürli haýwanlaryň, guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşleri hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller baradaky maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy. Muzeý hünärmenleri çagalara muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, goramagy hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmelidigi barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar hem özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar. Esasan hem, haýwanlaryň gäpleri we heýkelleri çagalarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Muzeý gymmatlyklary çagalaryň dünýägaraýşyny giňeldip, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy hem-de milli mirasymyza, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi.