logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞADYÝAN MÖWSÜMDE TÄSIRLI PURSATLAR

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde çagalar üçin täsin dünýäni açyp görkezýän gyzykly pursatlary döredýärler. «Bagtyýarlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde», şadyýan möwsümiň gyzykly günlerinde merkeziň ähli meýdanlary, açyk asman astyndaky hem-de üsdi ýapyk suw howuzlary, iň kämil enjamlar ornaşdyrylan kompýuter otaglary çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryny üpjün edilen dynç alyş merkezlerimizde welaýatyň dürli künjeklerinden gelen çagalar öz deň-duşlary bilen dostlaşyp, şatlyklaryny paýlaşýarlar. Bu ýerde guralýan medeni- köpçülikleýin çäreler, dürli oýunlar oýnalyp wagtlaryny gyzykly geçirýärler. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomusky dynç alyş merkezlerine baryp özleriniň kitap sergilerini gurap, çagalara ertekili kitaplary gürrüň berip, çagalary kitap bilen dostlaşdyrmak arkaly şadyýan möwsümiň şatlykly günlerinde tebigatyň gözel künjeklerinde çagalary syýahat etdirmekde öz goşandyny goşýarlar.

Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan edýärler.