logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şadyýan nesilleriň ýurdy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Şadyýan nesilleriň ýurdy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çagalary milli ruhda terbiýelemek we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen kitaphana, kompýuter, daşary ýurt dilleri, çeper eller, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty, sport oýunlary futbol, woleýbol, basketbol, küşt ýaly görnüşleri boýunça gurnaklar hereket edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara “Türkmen halk ertekileri” atly kitabyndan “Ady bar-da özi ýok”, “Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat”, “Akylly Ahmet” ýaly birnäçe ertekileri okap berdiler we olarda beýan edilýän ruhubelentlik, ahlak-päklik, edermenlik, birsözlülik, wepalylyk ýaly asylly häsiýetleriň özlerinde galdyran täsirleri hakynda sorag-jogap alyşdylar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.