logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ŞADYÝAN TOMUS

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdepde, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Şadyýan tomus» atly baýramçylyk duşuşygyny geçirdi. Ýokary derejede guralan bu çärä şäheriň çägindäki mekdepleriň mugallymlary, okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mekdebi tamamlap, tomusky dynç alyş günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan balalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin olaryň kitap okamaga bolan höwesiniň güýçlendirilmegi hem bu günki çäräniň esasy maksady bolup durýar. Bu günki çärämizde kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan körpejelerimiziň söýgüli kitaplaryndan guralan göçme kitap sergimizde çagalar kitaphana hünärmenleri bilen türkmen halk ertekilerinden «Akpamygyň», «Böwenjigiň», «Ýartygulagyň» häsiýetlerine seljerme berip, kitaphanaçylar bilen sowal-jogap alyşmagy başardylar. Ertekilerdäki täsirli pursatlary, käbir jümleleri hem ýatdan aýtdylar.

Dabaramyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, kitap bilen ýakyndan dostlaşmagy, kitaphana işi bilen tanyşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.