logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SAGDYN BAŞLANGYÇ NURANA GELJEK

SAGDYN BAŞLANGYÇ NURANA GELJEK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap Aşgabat şäheriniň iňlis dillerini ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebinde «Sagdyn başlangyç nurana geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alynyp guralýan şeýle çäreler ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaga, beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri kemala getirmäge örän uly ýardam berýändigi barada täsirli söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar saglygy goraýyşda şeýle belent sepgitlere ýetmek, ynsan saglygyny goramaklykda örän uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.