logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGDYN DURMUŞ - ABADAN ÝAŞAÝYŞ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşigi tarapyndan “Sagdyn durmuş - abadan ýaşaýyş” atly gürrüňdeşlik ýazgy edildi. Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadryny bilmek, halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyz hem saglygy goramak ugrunda halkymyza birnäçe gymmatly eserleri peşgeş berdi. Olardan “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler”, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitaby, “Türkmenistan - melhemler mekany”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar” atly kitaplary halkymyzyň saglygyny goramakda esasy gollanmalar bolup durýar. Adam saglygyna bagyşlanan, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän bu gymmatly eserlerde saglyk, lukmançylyk, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin açylyp görkezilýär. Ine şular dogrusynda söhbet edilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.