logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGDYN DURMUŞ – GÖZEL ÝAŞAÝYŞ

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki 48-nji çagalar bakja bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeje çagalary bilen “Sagdyn durmuş – gözel ýaşaýyş” atly gürrüň geçirdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly ajaýyp kitaby okaldy. Çagalar uly höwes bilen diňlediler. Bu bolsa körpeleriň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň jemgyýetde işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýan şahsyýetler bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Kitapda bellenilişi ýaly, sport arkaly ýaş nesliň watansöýüjilik, sagdynlyk, agzybirlik ýaly ähmiýetli duýgulary ösdürilýär.