logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sagdyn durmuş – ynsan bezegidir

Parahat ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin sport çäreleri, söhbetdeşlikler giňden gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hem “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli “Sagdyn durmuş–ynsan bezegidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has-da rowaçlandyrmak boýunça asylly işler durmuşa geçirilýändigi hakynda nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe- sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn bedenli ýaş nesilleri taýýarlamak bilen baglanşykly işler amala aşyrylýar diýip, çykyş edenler uly buýsanç bilen söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.