“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda tomusky dynç alyşdaky çagalaryň dynç alşyny gyzykly, täsirli we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäher PM-niň Berkararlyk etrap PB-niň KÝÝIBB - niň bilelikde guramaklarynda Gökderedäki “Altyn damja” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Sagdyn durmuş ýörelgämiz” diýen şygar astynda sportuň futbol, woleýbol, uzak aralyga ylgamak, tanap çekmek görnüşleri, asfaldyň ýüzüne surat çekmek we göçme kitap sergisi, sergide goýlan edebiýatlara syn boýunça çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda ýaş nesilleriň bilim-terbiýesi, kitap okamagyň ähmiýeti, milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meseleleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çagalar türkmen halk ertekileri, çagalar edebiýatynyň iň gowy nusgalary bilen tanyşdyrylyp, olarda beýan edilýän dostluk, adamkärçilik, dogruçyllyk we zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetleriň ähmiýeti düşündirildi. Dag eteginiň ajaýyp tebigatynyň goýnunda geçirilen bu çäre çagalaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmaga, boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge hem-de ruhy dünýasini baýlaşdyrmaga ýardam etdi.
Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilime, medeniýete we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine döredilýän giň mümkinçilikler üçin, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar.