logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap “Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Nusgawy edebiýatymyzda “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy” diýlen meşhur setir bar. Saglyga, sagdyn durmuş-ýörelgelerine oňyn garaýyşy emele getirmäge gönükdirilen mysallar türkmen halk döredijiliginiň islendik eserinde görmek bolýar. Bu asylly ýörelgeler häzirki döwrümizde hem yzygider dowam edýär. Üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy milletimiziň saglygyny gazanmakda, keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe. Sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, saglygy goramak. Ine, şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy sportuň durnukly ösdürilýän ýurtlaryň biri hökmünde dünýä tanatmakda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.