Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesil - kuwwatly Watan» ady bilen wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda çagalar baradaky alada döwletiň hem-de bütin dünýäniň esasy aladasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda tomus dynç alyş günlerine çykan bagtyýar körpelerimiz ýurdumyzyň gözel künjeklerinde, Gökdere jülgesinde, Awazanyň gözel kenarynda rahat, asuda dynç alyp, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirýändikleri barada giňişleýin beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berildiler we çagalar durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.