logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sagdyn nesil- sagdyn jemgyýet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” mynasybetli “Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat çäresini gurnady. “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen çärede saglyk öýüniň lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy we kitaphana işgärleri gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalaryň edilýändigi hakynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Mundan başga-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gurlup ulanylmana berilýän döwrebap hassahanalaryň, sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň, şypahanalaryň we sport desgalarynyň adam üçin täsiriniň ulydygyny belläp geçdiler. Kitaphanada gurnalan saglygy goraýyşda ýetilen sepgitleri aýdyň açyp görkezýän kitap sergisi bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.