Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebinde «Sagdyn nesil–sagdyn durmuş» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikler, olaryň ähmiýeti, ulanylyş aýratynlyklary barada hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyz bilen sorag-jogap alyşdylar.
Kitaphanamyzyň gurnan neşir önümleriniň kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lidiri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.