Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň köp tomly ylmy-ensiklopedik eseri bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý melhem hem ylham”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitaplary bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülip, diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda däl, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalardaky ýerli bejergileriň arasynda dermanlyk otlardan peýdalanylanda, adam saglygyna has-da gowy täsirini ýetirýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.