logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGDYNLYK – BAKY BAGTYÝARLYK

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sagdynlyk – baky bagtyýarlyk» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýandygy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen hassahanalaryň we şypahanalaryň toplumynyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.