logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Saglygym baş baýlygym

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75-nji çagalar bagynda “Saglygym baş baýlygym” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Kitaphananyň hünärmenleri Türkmen halk ertekilerindäki gahrymanlaryň arassaçylyk we sagdynlyk hakyndaky keşplerini janlandyryp çagalara gyzykly gürrüňleri wagyz-nesihat etdiler. Çagalar hem öz gezeginde ertekileri uly gyzyklanma bilen diňläp kitaphananyň hünärmeni bilen sorag-jogap alyşdylar. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki gürrüň berilýän arassaçylyk saglygyň girewi, saglyk-baýlyk ýaly gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda sagdyn bedenli kämil ýaşlar bolup ýetişmelidigini, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem arassaçylyk düzgünini berjaý etmelidigini düşündirdi. Hünärmenler saglyk hakyndaky ertekili kitaplaryndan sergi hem gurnadylar.