Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Saglyk bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berýär. Munuň özi ýaş nesliň sagdyn ösmegi, kämilligi üçin örän ähmiýetlidir. Welosiped sürmek ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Hut şonuň üçin hem welosiped sürmek uzak ýaşamagyň syry hökmünde görülýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde halkymyzyň saglygynyň berkidilmegi, ilatyň, aýratynda, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň wagyz edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty ösdürmäge iňňän ýokary derejede aýratyn ähmiýet berilýär. Sportuň bir görnüşi hem welosport bolup, ol bagtyýar durmuş, sagdynlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şunda, ilki bilen, sportyň ynsan üçin näderejede gymmatlydygyny we işjeňligi aýdyň ýüze çykýar. Häzirki döwürde sportyň dürli görnüşleri döwlet derejesinde ösdürilýär. Sportyň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmekde ähmiýetlidigini aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýip çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.