logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGLYK – BAHASYZ BAÝLYK

Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinde “Saglyk – bahasyz baýlyk” – Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap söhbetdeşligini geçirdi. Bu çärämize 1-nji synp okuwçylar gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmeni hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýändigi barada okuwçylara gyzykly gürrüň berip we arassa howa çykyp dürli maşklar oýunlar ýerine ýetirildi, ýaryşlar gurnaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan we bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň mundan beýläk hem jany sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!