Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Saglyk – baýlyk” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitabynyň halkymyz, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamy üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da, tebigatyň ynsan saglygy bilen sazlaşygyny amala aşyrmaga ýardam edýän bu kitabyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilendigi, şeýle hem, Alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýändigi hakynda bellediler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.