logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

SAGLYK DURMUŞ GÖZELLIGI

SAGLYK DURMUŞ GÖZELLIGI

Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Saglyk durmuş gözelligi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde halkyň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy, Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça uly üstünlikleriň gazanylandygy barada gürrüň berdiler Şeýle-de Berkarar Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça sport ýaryşlary, umumymilli sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.