Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Saglyk rowaçlygyň sakasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý-melhem hem ylham” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlaryň hem-de melhem çaýlaryň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de eziz Watanymyzda ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.