logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGLYK - SAZLAŞYK SUNGATY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan - melhemler mekany” atly kitabyndan “Saglyk -sazlaşyk sungaty” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän sagdynlyk ýörelgesi ýurdumyzda ähli döwürlerde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýazyp bize peşgeş beren ajaýyp eserlerinde sagdyn durmuşyň adamlara bagt, şatlyk, saglyk, kalp gözelligini paýlaýandygyny, sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny, onuň şähdiňi açyp, ruhuňy galkyndyrýandygyny belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly eserleri çuňňur many-mazmuna we kämil çeperçilik derejesine eýe bolan beýleki eserleri ýaly ýaşlar üçin we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin gollanma bolup durýar. Türkmenistany sport döwleti hökmünde belent abraýa eýe eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.