logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGLYK–BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 111-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk–bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýandygy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş, desgalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen hassahanalaryň we şypahanalaryň toplumynyň ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli kitabynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ilatyň saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.