logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

SAGLYK–YNSANYŇ BAÝLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 13-nji saglyk öýünde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglyk–ynsanyň baýlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny, hem-de lukmançylygyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler raýatlaryň saglygyny goramaga, berilýän lukmançylyk kömekleriniň hil taýdan ýokarlandyrylmagyna gönükdirlendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzda gurulyp ulanylmaga berilýän häzirki zaman hassahanalary, bejeriş-anyklaýyş hem-de saglygy dikeldiş merkezleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýändigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.