Şanly ýylymyzyň 17-nji oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgam arkaly geçirlen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda geçiriljek «Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady» atly hepdeliginiň meýilnamasyny tassyklady. Şonda Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini belläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmegi, Medeniýet günlerini, festiwallary, şonuň bilen bir hatarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly hepdeligini ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi degişli wise-premýere tabşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, teatr sungatynda döwletimizde alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz edýän täze, döwrebap sahna eserleriniň ençemesi sahnalaşdyrylyp gelinýär. Şanly ýylymyzyň dekabr aýynyň 6-12-si aralygynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär.
Sungat muşdaklary hepdeligiň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Oskar», azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Är-aýal», özbek yazyjysy we dramaturgy Alişer Ezizhojaýewiň «Giýewleriň bäsleşigi» hem-de özbek ýazyjysy we dramaturgy Seýit Ahmediň «Gelinleriň gozgalaňy» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gelinler», iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Nadaranyň nogtalanyşy», ýene-de şol awtoryň «Romeo we Julýetta» ýaly spektakllara tomaşa edip bilerler. Hepdeligiň ilkinji gününde bu teatr ýapon dramaturgy Dzýunzi Kinositaniň «Durna ýelekleri» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen tomaşaçylara gapylaryny açarlar. Ýapon ýazyjysynyň bu eserinde ýaşy gartaşan halyçy är-aýalyň ykbalynda güzeran kynlaşanda, olaryň dadyna ýetişen durna guşuň görlüp-eşidilmedik nepis halyny dokap bermegi, şeýdibem, ynsan bilen tebigatyň dostana gatnaşyklaryny dabaralandyrmaga bagyşlanandyr.
Geçiriljek sungat hepdeliginiň dowamynda ýurdumyzyň baýry teatrlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň «Oskar», özbek dramaturgy Hoja Abbasyň «Gyzyl alma», gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim», ýene-de şol meşhur ýazyjynyň «Ak gämi», tatar ýazyjysy we dramaturgy Zaki Zaýnulliniň «Alty gelin», ýene-de bir belli tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Hüwdi» atly sahna oýunlaryny tomaşaçylara hödürleýär. Teatryň döredijilik topary Ç.Aýtmatowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Söweşe garşy söweş» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen bu teatr hepdeligini jemlärler. Oýunda gyrgyz obasynyň sada ilatynyň dünýäde parahatçylygy goramak, umumadamzat agzybirligini berkitmek baradaky tagallalary beýan edilýär. Bu sahna eseriniň baş gahrymanlary halklara hem köňüllere, ömürlere hem ykballara ýüzlenýär, dünýäde parahatçylygy gormaga çagyrýar. Spektaklyň soňunda zenan gursagyndan syzlyp, yklyma ýaň salýan asudalyk aýdymynyň beýik namasy tomaşaçylaryň kalplaryna müdimilik siňýär.
Aýdym-sazly, gülkili sahna eserleriniň muşdaklary üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatry hem gyzykly sahna oýunlary taýýarladylar. Teatryň sahnasynda rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi», özbek dramaturgy Sanjarali Imanowyň «Super gaýynene», özbek ýazyjysy we dramaturgy Nurullo Abbashanyň «Körpe gelin», gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Mar Baýjyýewiň «Dil tapyşanlar», rus şahyry we dramaturgy Nikolaý Gogolyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Öýleniş» atly sahna oýunlaryny görkeziler.
Hepdeligiň dowamynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda amerikan ýazyjysy we dramaturgy Edgar Allan Ponuň «Garga» «Güneş», azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Arşyn mal alan» ýaly ajaýyp sahna oýunlary talyp ýaşlaryň söýgüsini gazanar.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda daniýaly ýazyjy we dramaturg Hans Kristian Anderseniň «Dýumowoçka», gruzin dramaturgy Awksentiý Sagareliniň «Hanuma» şeýle hem bu meşhur rus şahyrynyň «Daş myhman», «Alybaba we kyrk garakçy» atly arap ertekisi esasynda rus dramaturgy Maksim Sadownikowyň ýazan pýesasy boýunca sahnalaşdyrylan «Alybaba», azerbaýjan kompozitory we dramaturgy Uzeýir Gajybekowyň «Arşyn mal alan», fransuz ýazyjysy we dramaturgy Rober Tomanyň «Sekiz magşuk zenan», rus ýazyjysy we dramaturgy Aleksandr Ostrowskiniň «Gurtlar we goýunlar», rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň «Wodowil», ispan dramaturgy Lope de Weganyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Ukyply magşuk» ýaly gyzykly oýunlar bilen öz tomaşaçylaryna döredijilik sowgatlaryny ýaparlar. Teatryň döredijilik topary sungat hepdeliginiň dowamynda norweg dramaturgy Genrih Ibseniň «Gurjaklaryň öýi» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini gurarlar. Bu spektaklda Noranyň hem-de Helmeriň bagtly maşgalasy, üç çagasyny söýgidir, mähiriň içinde ulaldyşy ýöne maşgalanyň güzerany bilen baglanyşykly ýüe çykýan gapma-garşylyklar beýan edilýär. Bu sahna eserinde maşgala mukaddesligi, zenanyň belent mertebesi dabaralandyrylýar. Oýnuň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň ýokary.
Türkmen döwlet gurjak teatrynda rus ýazyjysy we dramaturgy Kim Meşkowyň «Bir towşanjyk bar eken», iňlis şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň «Romeo we Julýetta», rus ertekisi esasynda dramaturg Mihail Sadowskiniň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Maşa we aýy», siriýaly ýazyjy we dramaturg Hanna Diýabyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Alladin», Uzeýir Gajybekowyň «Arşyn mal alan», rus şahyry we dramaturgy Samuil Marşagyň «Külbejik», şeýle hem rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň «Balykçy we balyjak» ýaly dünýä meşhur eserleriň esasynda sahnalaşdyrylan gurjak oýunlaryny körpe nesle hödürlär. Teatryň döredijilik topary hepdeligiň ahyrky gününde iňlis dramaturgy Jozef Redýard Kiplingiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Maugli» atly sahna oýnunyň ikinji görkezilişini gurarlar. Bu sahna oýnunda haýwanat dünýäsi bilen ynsanyň mizemez dostlugy wasp edilýär.
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz dramaturgy Žan-Batist Poklen – Molýeriň «Mejbury tebip bolan», şeýle hem gyrgyz ýazyjysy we dramaturgy Çingiz Aýtmatowyň «Deňiz ýakasynda gezýän ala köpek» powesti esasynda sahnalaşdyrylan «Arzyly kenar» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürlär. dünýä teatr sungatynyň ösüşine önjeýli goşant goşan, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bu sahna oýunlarynda dünýä halklarynyň asyrlara şöhrat çaýýan şanly taryhy wakalary, adamzadyň aňyýet ösüşinde gazanylan beýik ösüşler, ykballary özgerdiji zähmet ýeňişleri, dünýäniň şöhratly ogullarynyň we zenanlarynyň edermenlikleri, bitinadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen nusgalyk baýlyklar, asylly däp-dessurlar çeper keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär.
Dünýä nusgawy sahna eserleriniň görkezilişiniň hepdeligi ýurdumyzyň welaýat teatrlarynda hem ýokary derejede guralyp, tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhlaryny barha joşdurar. Hepdäniň dowamynda ozal sahnalaşaydyrlan eserleri bilen birlikde täze sahnaşdyrylan oýunlaryň ilkinji görkezilişi guralar.
Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda rus dramaturglary Ýuriý Osnosyň we Wiktor Winnikowyň «Ýeke-täk söýgi» (Ak lotos) hem-de rus şahyry we dramaturgy Aleksandr Puşkiniň «Daş myhman», Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda italýan dramaturgy Karlo Goldoniniň «Kojidäki wakalar», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda azerbaýjan dramaturgy Nazim Musazadanyň «Gaýynene» hem-de tatar ýazyjysy we dramaturgy Tufan Minnuliniň «Bir gyza dört aşyk», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Prosper Merimäniň «Söýginiň ýolunda» atly sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri guralar.
Şundan görnüşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanýete nusgalyk parahatçylyk ýollarynyň belent manysy siňen oýunlar bolup, bu döredijilik eserleri ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna özboluşly toý sowgady bolar.
Nusgawy eserleriň teatr hepdeliginiň Meýilnamasy bilen medeniyet.gov.tm saýtynda tanşyp bilerisiňiz. Sahna eserlrini rus we iňlis diline sinhron terjime etmek göň öňünde tutulýär. Giriş petekleri teatrlaryň kassalaryndan satyn alyp bilersiňiz.
Agamyrat Baltaýew,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.