Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdymyzda ussat halypa bagşy-sazandalarymyzyň hormaty belentde tutulýar. Ol halypalaryň her biri bize goýup giden baý mirasy we özboluşly ýerine ýetiriş aýratynlyklary hem-de biri-biriniňkä meňzemeýän täsin owazlary bilen tapawutlanýarlar. Ussat halypalar kär edinen senedine irginsiz zähmet çekip gelipdirler. Nota sowady bolmasa-da, ýiti ýatkeşligi bilen olar milli aýdym we saz sungatynyň iň inçe tärlerini hem ele almagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen bu täsin sungatyň inçe syrlaryny özlerine siňdirip halka paýlap gezipdirler.
Ýazmuhammet kösäniň hakyky ady Nyýazmuhammetdir. Ol 1875-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna Öwez diýer ekenler. Ol hem şahandaz adam bolupdyr. Köse lakamy oňa ýaşlygynda bile oýnan oglanlarynyň degişmesinden galypdyr. Şeýlelikde, ýörgünli lakama öwrülip gidipdir.
Ýazmuhammet tüýdükçi ýaşlygynda goňşy obalaryndaky Agajan tüýdükçiden tälim alýar we halypa tutunýar. Bu halypa ussat tüýdükçiler Baky Maşakow, Şajyk Gulow, Musa Allamyrat, Nury tüýdükçi, Öwez tüýdükçi ýaly ägirt sazandalary hem ýetişdiren halypadyr. Ýazmuhammet köse Agajan tüýdükçini, Peýdaguly tüýdükçini özüne halypa edinýär. Olardan gargy tüýdük mukamlarynyň gadymky çalnyş nusgalaryny öwrenýär.
Meşhur tüýdükçi Ýazmuhemmet Köse, Hydyr bagşy, ussat tüýdükçi Annaguly Sary, Muhammetmyrat Nepesli, Garly bagşy dagy bilen ýyllaryň dowamynda bile tirkeşýär. Nursähet bagşynyň, Jumasähet bagşynyň, Babanyýaz bagşynyň ýanynda tüýdük çalyp gezýär. Ol ussat tüýdükçileriň deňine ýetende, 1925-nji ýylda türkmen aýdym-sazyny we bagşy-sazandalarynyň mirasyny öwreniji rus alymy Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý bilen duşuşýar. Gargy tüýdük heňleriniň iň gadymy nusgalarynyň birnäçesini saz öwreniji alyma çalyp berýär. W.A.Uspenskiý Ýazmuhammet Köseden “Hörele gubam”, “Düşmüşem zyndana”, “Gyr atym” atly heňleri ýazyp alýar. W.A.Uspenskiniň tagallasy bilen Ýazmuhammet Köse Aşgabada çagyrylýar. Aşgabatda Türkmen döwlet filarmoniýasynyň halk saz gurallary ansamblyna goşulýar. 1935-nji ýylda bolsa onuň ussatlyk bilen çalýan sazlary Türkmenistan radiosynda-da ýygy-ýygydan ýaňlanýar.
1935-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen aýdym-saz ýazgysyna-da gatnaşyp, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Nursähet Halsähediň, Jumasähet bagşynyň aýdan aýdymlaryna sazandarlyk edýär. Muhammetmyrat Nepesli bilen bilelikde hem “Gülüm, Öwezjan”, “Nowaýy” atly heňleri gramplastinka üçin ýazga berýär. Ýazmuhammet Köse özüniň uly sungatyny ulus-iline bagyş edýär. Baky Maşakow ýaly ussat tüýdükçileri ýetişdirýär. Onuň çalan nusgalyk mukamlary Marynyň radiosynda, Türkmenistan radiosynda wagtal-wagtal ýaňlanyp durýar.
Baky Maşakow 1905-nji ýylda Mary welaýatynyň Gülüstan daýhan birleşiginde daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň şol döwürlerde has ýörgünli gargy tüýdük saz guralyny saýlamaklygynyň sebäbi, onuň daýylary gargy tüýdük çalar ekenler. Ol çagalykdan ilki dilli, soňam gargy tüýdük çalmagy öwrenipdir.
Otuz ýaşlarynda Baky tüýdügi gowy ele alansoň, 1937-nji ýylda ýaňy döredilen aýdym-saz toparyna kabul edilýär. 1941-nji ýylda Türkmen döwlet filarmaoniýasy döredilen badyna-da ol ýere işe çagyrylýar. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinden gelen ýanamaçy bagşylaryň hem-de tüýdüge goşulyp aýdym aýtmaga höwesekleriň köpüsine sazandarlyk edýär. Radioda yzygiderli çykyş edipdir.
60-njy ýyllaryň ahyrlarynda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde işläp başlaýar. Ol ýerde tüýdükçiler ansamblyny döredýär. Şol döwürdenem Baky Maşakowyň halypalyk ýoly başlanýar. Ýörite sazçylyk mekdebiniň milli saz gurallary bölüminde okap, tüýdük saz guralyny öwrenmäge höwesli ýaşlaryň birnäçesi Baky aganyň tälimlerini alyp ugraýar. Şeýlelik bilen ömüriniň ahyrky günlerine çenli şol ýerde mugallymçylyk eden Baky Maşakowyň ilkinji şägirtleri peýda bolýar.

Baky Maşakowyň şägirtleri Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungaty öwreniş ylymlaryň doktory Çaryýar Jumaýew we Aşyr Ýazmyradow öz halypasynyň däbine eýerip, halypasyndan öwrenen tüýdük çalmak sungatyny mynasyp dowam etdirip, öz şägirtlerine geçirip ýörler.
Türkmenitanyň halk saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Baky Maşakowa 1994-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen belent at dakylýar. Ussat tüýdükçiniň çalan sazlaryndan 90 töweregi häzir türkmen radiosynyň altyn hazynasynda saklanýar.
Şeýle hormata mynasyp bolan tüýdükçi halypalary ýatlap Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we Mary welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet merkezinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Ussat tüýdükçi Ýazmuhammet Kösäniň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Baky Maşakowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan “Sährany hüwdülän tüýdük sazlary” atly bu dabara uludan tutuldy. Dabarany Aýdogdy Allakulyýew alyp bardy. Soňra Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Töre Nobatow çykyş edip, halypalaryň manyly durmuş ýoly, goýup giden baý mirasy barada giňişleýin gürrüň berdi. Dabarada Mary şäheriniň bagşysy Rüstem Onbegiýew tarapyndan ýerine ýetirilen “Ýagma bulut”, Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşligindäki Gulja oba medeniýet öýüniň müdiri Meretgeldi Tüňňiýewiň ýerine ýetiren“Çykdym güller”, “Gelmez Leýli” we “Torgaý guşlar”, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy Maksat Gurbanow tarapyndan ýerine ýetirilen “Gyrat saňa”, “Aga begler” ýaly aýdymlar belentden- belent ýaňlandy.
Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň Milli saz gurallar bölüminiň tüýdük mugallymy Muhammet Saparow hem çykyş edip, bu halypalaryň ömür-durmuş ýoly we ýerine ýetiren sazlary barada täsin gürrüňleri berdi. Ol sözüniň ahyryny türkmen halk sazy “Küýzeli gyz” bilen tamamlady. Türkmen halk aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsir galdyrdy.
Dabarany şirin aýdym-sazlary bilen bezän bagşy-sazandalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen bezän halypalaryň ömri-döredijiligini we baý mirasyny öwrenmeklige giň ýollar açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun.
Çynar GURBANOW
Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni