logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konserti geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynyň her bir güni dabaralara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýörite sungat mekdepleriniň konsertleri geçirilýär. Şeýle konsertleriň biri nS.Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan aýdym-sazly konsertidir. Talyplar we konserte gatnaşyjylar ilkibaşda dürli temalarda taýýarlanan sergä tomaşa etdiler. Maýa Kulyýewanyň şekili çekilen portret sergä has hem özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergi aýdym-sazly konsert bilen dowam etdi.

Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, aýdym-saz dili bilen dabaralanýan ylmy-medeni çärä öwrüldi.

Konsertiň başynda M.Baýramowyň şahyr D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Ýaşlar watanyň daýanjy” eseri gyzlar ansambly tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi. H.Rodrigesiň “Kumparsita”, A.Bazarowyň “Aýdylmadyk sözler”, A.Babajanýanyň “Noktýurn”, H.Allanurowyň “Toý walsy”, Ý.Doganyň “Wals”, A.Agajykow we R.Nepesowyň “Türkmen tango” eserleri diňlendi.

Türkmen halk aýdym-sazlary we operalardan ýerine ýetirilen eserler hem dabaranyň bezegine öwrüldi. Şeýle hem hor topary B.Hudaýgulyýewiň A.Allanazarowyň sözlerine döreden “Goşa ýaz geler” a’capella eserini ýerine ýetirdi.

“Mukamyň syry” kinofilminden N.Halmämmedowyň döreden “Karkaranyň aýdymyny” kamera orkestriň sazandarlyk etmeginde Bägül Maşadowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi R.Rejebowyň şahyr G.Kakabaýewiň sözlerine döreden “Türkmenistanym” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy.

Şeýle döredijilikli çäreler talyplaryň aýdym-saz sungatynyň inçe tärlerini özleşdirmekleri we dünýä saz mirasyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Bize parahat durmuşy, baky bagtyýarlygy, eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!