logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞAHYR ATAJAN ANNABERDIÝEW–TEBIGATYŇ WASPÇYSY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebinde “Şahyr Atajan Annaberdiýew–tebigatyň waspçysy” atly edebi-sazly döredijilik duşuşygy geçirdi.

Edebi-sazly duşuşyga şahyryň maşgalasy bilen ýakyn aragatnaşykda bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, alym zenan Gurbanjemal Ylýasowa, şeýle hem, şahyryň döredijilik kesbini ýöredýän gyzy “Watan” gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewa, çagalar üçin birnäçe degişmeleriň awtory, belli žurnalist Akgül Saparowa, “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň edebi işgäri, şahyr Gurbanjemal Annakowa dagylar gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni okuwçylary ussat şahyr Atajan Annaberdiýewiň döredijiligi bilen gysgaça tanyşdyryp, şeýle diýdi:

–Mähriban çagalar, biziň şu gezekki çärämiz özüniň uzak bolmadyk manyly ömründe tebigatyň gözelligini, çagalyk dünýäsiniň täsinliklerini, mähriban enelerimizi, eziz Watanymyzy wasp edýän goşgularyny, degişmelerini, umuman, çagalar hem ulular üçin döreden gyzykly, täsirli eserlerini bize ýadygärlik galdyran Atajan Annaberdiýewiň döredijilik dünýäsine bagyşlanýar. Ýurdumyzda belli şahyr Atajan Annaberdiýew “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň hem-de “Gaýrat” medalynyň eýesidir. Ol 2005-nji ýylda Döwlet tarapyndan degişmeçi ýazyjylaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijisidir. Ol ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlady. Çagalar, şahyryň döredijiligi bilen tanyşmak üçin sizde mümkinçilikler ýeterlik, kitaphanamyzda siz üçin kitaplar kän, bize okamaga geliň!

Çäräniň dowamynda mekdebiň göreldeli okuwçylary şahyryň birnäçe goşgularyny labyzly okap, onuň degişmelerinden taýýarlanylan gysgajyk sahna oýunlaryny görkezdiler.

Şahyry hormatlap gelen myhmanlar alym zenan Gurbanjemal Ylýasowa okuwçylara şahyr Atajan Annaberdiýewi ýakyndan tanap maşgalasy bilen gatnaşandygyny gyzykly gürrüňler berdi we şahyryň goşgysyny okap berdi. Şeýle hem belli žurnalist Akgül Saparowa, şahyr Gurbanjemal Annakowa hem ussat şahyryň goşgularyndan okap halypa şahyr, ýazyjylaryň kitaplaryny köpräk okamagy ündedi. Şahryň gyzy Çemen Annaberdiýewa “Bir käse un” atly goşgusyny okap şol goşgynyň taryhyny, goşgydaky Mamur eje hakynda tolgundyryjy gürrüň berdi. Göreldeli okuwçylar edepli oturyp, dykgat edip diňlediler. Myhmanlar sözüniň soňunda okuwçylaryň göreldeli okamagy, şahyryň goşgy setirlerinde belläp geçişi ýaly, birek-birek bilen dost-dogan gatnaşyklarynda bolmaklygy ündediler.

Adat bolşy ýaly, çärede şahyr Atajan Annaberdiýewiň kitaplaryndan hem-de başga-da birnäçe halypa ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryndan sergi gurnaldy.

Çäräniň soňunda ýaş nesillerimiziň, halkymyzyň parahat ýaşamagy üçin atalyk aladasyny edýän, mirasymyzy öwrenmäge ak ýollar açan hormatly Gahryman Arkadagymyza, hem-de mähriban Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.