logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Şahyr Gara Seýitliýewiň ömri-döredijiligine bagyşlandy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Edebiýat hakynda söhbet” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Döwlet kitaphanasynda hem okyjylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň we alymlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler, edebiýat we döredijilik agşamlary yzygiderli geçirilýär, olara bagyşlanan kitap sergileri gurnalýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.