logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ŞAHYR GURBANNAZAR EZIZOWYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

ŞAHYR GURBANNAZAR EZIZOWYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň dogulan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkyň ýüreginde hemişelik ýazgy galdyryp giden ussatlaryň biri Gurbannazr Ezizowyň dogulan gününiň 85 ýyllygynyň bellenilmegi, beýik ussat şahyra goýulýan belent sarpadan nyşan bolup durýandygy hakynda söz açyp, şahyr öz ýüregini, owazyny, ajaýyp dünýäsini türkmen tebigatyna baky ýadygär goýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň mähriban Watanymyzyň ajaýyplygy hakdaky goşgulary onuň edil beýleki şygyrlarynda bolşy ýaly, çuňňur pikirlenmelere, duýgulara baýdygy, watansöýüjilik duýgularyny ösdürýändigi hakynda belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýazyjy şahyrymyzyň goşgularyny ýaş nesillere wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.