Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 51-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Bazar Şalyýewiň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap “Şahyr kalbynyň öwüşginli joşguny” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Özüniň “Älemgoşar”, “Hasyl”, “Ynam”, “Rubagylar” atly kitaplary bilen giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan B.Şalyýewiň döredijiliginde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri, ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edilip, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, nesil terbiýesi, tebigat gözellikleri ýaly inçe duýgular beýan edilýär. Çärämiziň hormatly myhmanlary şahyryň döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň ähmiýeti barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar häzirki zaman türkmen edebiýatyny täze eserler bilen baýlaşmagyna ýardam edýän ýazyjy-şahyrlara sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.