logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞAHYR OGLY ÝATLADYP,BAHAR GELDI DIÝARA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp “Şahyr ogly ýatladyp,bahar geldi Diýara”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler pasly baharda dünýä inip, ömürlere bahar ýaly ýakym berýän goşgulary döredip, gysga ömründe her bir adamyň kalbynda baky ýaşamagy başaryp giden Gurbannazar Ezizow hemişe biziň aňymyzda we ýüregimizdedir. Gurbannazar Ezizow–türkmen şygryýetinde ömürbaky yz goýan şahyr. Onuň edebi mirasy bilen tanşanyňda, şahyryň diňe şahyrana döredijilik bilen meşgullanman, şygryýet meýdanyna gadam basmaga höwesjeň ýaşlary goldap, öz maslahatlaryny gaýgyrmandygyny göz ýetirýärsiň diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.