logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ŞAHYR TALYPLAR BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan şahyr talyp deň-duşlarymyz bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna “Aýdym sungaty” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mähri Tekäýewa, “Kompozisiýa” hünäriniň 2-nji ýyl tayby Aýläle Gulmyradowa, “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow we şol hünäriň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredow dagylar gatnaşdylar. Duşuşygy “Sazşynaslyk” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Uljaýewa Miýesser alyp bardy.

Ilki bilen “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredowyň golýazma esasynda çap edilen “Nagmazar” atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bilen başlandy. Ýusup Meredow bu goşgular ýygyndysyny özüne türkolog, filolog, lingwist, hemem şahyr Taýmaz Seýidowyň sowgat berendigini aýdyp geçdi. Soňra özüne ýakyn goşgularynyň birini okap berdi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan çap edilen “Parahatçylyk-köňül kelamy” atly kitabynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Mähri Tekäýewanyň, Aýläle Gulmyradowanyň, Ýusup Ýazgylyjowyň hem-de Ýusup Meredowyň goşgularynyň neşir edilmegi bizi buýsandyrdy. Duşuşygyň dowamynda talyp deň-duşlarymyz özleriniň döredijilik ýoly barada gürrüň berdiler. Diňleýjileriň arasyndan hem “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Altyn Taganowa hem-de şol hünäriň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Gurbangeldiýew öz döreden şygyrlaryndan we belli türkmen şahyrlarymyzyň goşgularyndan okap berdiler.

Duşuşygyň jeminde talyp deň-duşlarymyz ýürek buýsançlaryny goşgy bentleri bilen beýan etdiler. Biz hem öz gezegimizde olara döredijilik äleminde we okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdik.

Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň, ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy talyp ýaşlarda sungatyň dürli ugurlary bilen tanyşmagynda, zehinlerini kämilleşdirmekde uly itergi bolup durýar.


Altyn ÝANGYÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby