Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly belent ösüşleri rowaç menzilleri nazarlap gelýän ýyllary halkymyz uly ruhubelentlikde garşy alýar.Älemi haýrana goýýan özgerişleriň bedew batly ösüşleriň şöhraty eýýamda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz watanymyzda gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.Hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň durmuşynda uly orny eýelän tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan türkmen halkymyzyň göz guwanjy uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz sarpa goýulýar.Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy döwürde sebitde deňi taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk Akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi, Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýar. Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň” türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan Ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abaýyny has-da şöhratlandyrdy. Halkymyzyň arassa ganatly behişdi bedewleri ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan maddy we ruhy baýlyk hasaplanýar. Ahalteke atlaryna ,,Asman atlary”,, Behişdi bedewler” diýilip mynasyp baha berilýär.
Häzirki döwrümizde Ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň döwlet tugrasynyň merkezinde müdimilik orun aldy. Hormatly Prezidentimiziň ,,Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly’’ atly kitabynda şeýle belleýär: ,,Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy diňe bir türkmen halkynyň milli baýlygy däl eýsem bütin dünýäniň medeni mirasy bolup durýar’’ diýip belleýär. Türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň milli mirasyň dowamatlarynyň ajaýyp binýadydyr. Bedewler türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu günki gün ahalteke bedewi ýurdumyzyň üstünlikleriniň belent nyşany, ata-babalarymyzyň amala aşan arzuwynyň wysalydyr. “At-myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň nurana arzuwlaryny beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň, owadanlygyň, ýyndamlygyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi halkymyzyň täze taryhy eýýamynda okgunly ösüşleriň baş nyşanyna öwrüldi. Gadam basyp gelen ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at--myradyň mekany” ýylyna şeýle şygaryň berilmegi bagtyýar halkymyz bilen bilelikde biz muzeý hünärmenleriniň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Goý mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy belleniljek bu ýylymyzyň her bir güni bedew batly ösüşlere beslensin! Behişdi bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!
Gülälek Batyrowa
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.